logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Milli medeniýetiň toýlanýar toýy, Pyragyň arzuwlan bagtyýar döwri

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy paýtagtymyzdaky “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Milli medeniýetiň toýlanýar toýy, Pyragyň arzuwlan bagtyýar döwri” ady bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga kitaphana hünärmenleri hem-de kitap söýüji ýaşlar gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, nusgawy edebiýatymyzy has-da ösdürip, dünýä ýüzünde belent derejelere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan belent maksatly beýik işler barada buýsançly gürrüňler edildi. Sungaty söýýän ýaşlar aýdym-sazly çykyşlary bilen aýratyn täsir galdyrdy. Gurnalan göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Duşuşyga “Aşgabat” teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy.

Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny, nusgawy edebiýatyny ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.