logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Milli medeniýetiň we döredijiligiň baýramy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen bilelikde gurnamagynda «Milli medeniýetiň we döredijiligiň baýramy» atly Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän dabaralaryň milli medeniýetimizi ösdürmekde we dünýä ýaýmakda, dost-doganlygy berkitmekde, döwletleriň, halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy has ýokary derejelere çykarmakda hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, adamzada goýan baý mirasyny öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekde örän uly işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Şeýle hem, çärede Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň aýdym-saz topary milli medeniýetimizi, eziz Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.