logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MILLI MIRAS-BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen bilelikde Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde «Milli miras-bedew batly ösüşleriň binýady» atly göçme kitap sergisini gurnadylar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany» atly ýylynda Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde göçme kitap sergisini gurnadylar. Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýlede birnäçe eserleri ýerleşdirildi. Kitap sergisiniň çäklerinde kitaphana işgärleri «Altyn asyr» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde talyplar bilen sorag-jogap alşyp söhbetdeşlik etdiler. Göçme kitap sergisine gatnaşan talyplar halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.