logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Milli miras – bedew batly ösüşleriň binýady

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Maýa Kulyýewa adynaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Milli miras – bedew batly ösüşleriň binýady» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şygarynyň many-mazmunyny giňden dabaralandyrmak, Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany hasaplanýan ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has-da belende göterilýändigi barada gürrüň berdiler. Türkmen halkynyň milli buýsanjyny, gadymy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmekde we ösdürmekde, medeni mirasymyza hormat goýmak ýaşlaryň arasynda ýaýbaňlandyrylýandygy barada giňişleýin beýan etdiler.

Gurnalan göçme kitap sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, milli mirasymyza degişli birnäçe kitaplar ýerleşdirildi bu bolsa, çäräniň täsirini has-da artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy täzeden dikeldip beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.