logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MILLI MIRAS-BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş Uniwersitetiniň bilelikde guramagynda «Milli miras-bedew batly ösüşleriň binýady» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz bedew batly gadamlar bilen ynamly öňe barýandygy, belent üstünliklere beslenýän ýurdymyz dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň hatarynda goşulandygy hakynda buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de bagtyýar ýurdumyzyň mady we medeni ruhy baýlyklaryna, milli mirasymyza belent sarpa goýlup, geljekki ýaş nesillere ýetirmekde beýik işleriň durmuşa geçirilýändigi hakynda aýtdylar. Gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem-de milli mirasymyza degişli birnäçe kitaplaryň ýerleşdirilmegi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi, milli mirasymyzy dikeltmekde, öwrenmekde, ýaş nesillere ýetirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyz alkyş sözlerini aýtdylar.