logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MILLI MIRAS-BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Milli miras- bedew batly ösüşleriň binýady» atly hepdelik göçme kitap sergisini gurnady hem-de «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde «Ýaş nesiller-Watanymyzyň daýanjy» ady bilen talyp ýaşlaryň arasynda söhbetdeşlik ýazgy etdiler. Gurnalan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan dürli dillerde neşir edilen ajaýyp eserleri, ýazyjy-şahyrlaryň neşir önümleri ýerleşdirildi. Sergidäki kitaplar talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Çünki bu gymmatly kitaplarda, baý taryhymyza, milli mirasymyza degişli gymmatly maglumatlar ýerleşdirilendir. Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary okuw jaýlarynda okap, bilimlerini artdyrmaklary üçin giň ýollary açyp berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleri mundan buýana hem rowaçlyklara beslensin.