Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň bilelikde guramagynda «Milli miras-bedew batly ösüşleriň binýady» ady bilen Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler ösüş-özgerişleriň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanýandygy, munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk taryhyň dowamynda döredilen örän baý milli medeni mirasyny aýawly saklap, geljekki nesillerimize ýetirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergi bilen tanyşdyrylyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň many-mazmuny hakynda beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.