logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MILLI MIRAS - BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Milli miras - bedew batly ösüşleriň binýady» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäre geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at myradyň mekany” ýylynda döwletimiz bedew bady bilen, belent ruhubelentlik bilen ösüşlerden-ösüşlere beslenýändigi hakynda buýsançly gürrüň berdiler. Şeýle-de her bir halkyň pähim-paýhasa ýugrulan baý hem-de gymmatly medeni mirasy bolup, ol şol halkyň genji-hazynasy hökmünde goralyp saklanyp, nesillerden-nesillere geçirilip, her döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýändigini, türkmen halkynyň hem özboluşly, gaýtalanmajak medeni mirasy bolup, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli mirasymyzyň taryhy kökleri berkarar döwrümiziň ajaýyp şuglasy bolup durýandygy hakynda aýtdylar. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri we nusgawy ýazyjy şahyrlarymyzyň eserleri ýerleşdirildi. Bu bolsa çärä gatnaşýanlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.