Gözelligiň, ylhamyň we milli gymmatlyklaryň dabaralanýan mekany bolan Eziz Diýarymyzda her bir ýyl taryhy wakalara, toý- baýramlara beslenip gelýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem asylly däbe öwrülen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyş döwründe milli sungatymyzyň galkynýan belentliklerini bütin dünýä aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, medeniýetimiz halkymyzyň kalbynyň baýlygyny, agzybir ösüşlerimizi we taryhy mirasymyzy dabaralandyrýan esasy güýje öwrüldi.
Diýarymyzyň dürli sebitlerinde geçirilip, milli medeniýetiň köp öwüşginliligini aýdyň açyp görkezýär. Sungat forumy türkmen halkynyň ruhy mirasyny gorap saklamaga, öwrenmäge we bütin dünýäde giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Hepdeligiň çäklerinde milli ruha beslenen çäreler geçirilip, olar Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleriniň, halkyň ruhubelentliginiň, abadan durmuşynyň çeper beýanyna öwrülýär. Her ýyl geçirilýän bu medeni forumda Watanymyzyň ösüşleri opera, aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty, edebiýat ýaly ugurlarda belentden wasp edilýär.
Munuň aýdyň subuty hökmünde, akylly we döwrebap Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde mukaddes baýramçylyga bagyşlanylyp guralan «Milli öwüşginlere baý türkmen medeniýeti» atly wagtlaýyn sergini aýratyn agzap geçmek bolar.
Muzeý özüniň täsin gymmatlyklary we baý mazmuny bilen gelim-gidimli ýere öwrüldi. Muzeýde baýramçylyk mynasybetli gurnalan sergide türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhyny, milli däp-dessurlaryny, ýaşaýyş-durmuş medeniýetini we çeper döredijiligini açyp görkezýän seýrek tapyndylar, gadymy şaý-sepler, nepis amaly-haşam sungatynyň nusgalary we milli lybaslar görkezilýär. Serginiň mazmuny ýaş nesillerde milli mirasymyza bolan buýsanjy we söýgini has-da berkitmekde uly ähmiýete eýedir.
Dünýäniň medeni mirasynyň möhüm bölegi, sebitiň baý taryhynyň, medeni köpdürliliginiň subutnamasy bolan Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri-de aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmen topragynda Altyndepe, Namazgadepe, Goňurdepe, Änew, Gadymy Merw, Köneürgenç, Köne Nusaý, Paryzdepe, Şähryslam, Abiwerd, Dehistan, Sarahs ýaly özboluşly medeni-taryhy ýadygärlikleriň we gözel ýerleriň bardygy mälimdir. Olar gadymy siwilizasiýalary öwrenmek, medeni gatnaşyklary ösdürmek, Türkmenistanyň dünýä taryhynda eýeleýän ornuna düşünmek üçin gymmatly maglumat çeşmesi bolup durýar. Halkymyzyň özboluşly ruhy baýlygyny gorap saklamak we ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň, muzeýleriň bu möhüm wezipedäki ornuny pugtalandyrmagyň ähmiýeti möhüm orun tutýar. Şunuň bilen baglylykda, taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak we dikeltmek, ähli sebitlerde arheologik, binagärlik ýadygärlikleriniň ýagdaýyna gözegçilik etmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzda bellenilýän medeniýet hepdeligi we Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni di¬ňe bir milli medeniýetimiziň dürli ugurlaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, milli mirasymyzy düýpli öwrenmek, dünýäde wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek maksady bilen, onuň ägirt uly mümkinçiliklerini açmak üçin möhüm ugurlary kesgitlemäge hem ýardam berer.
Serginiň açylyş dabarasynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary serginiň şowhunyny has-da artdyrdy. Görnükli sungat ussatlarymyzyň, bagşylarymyzyň, sazandalarymyzyň, şahyrlarymyzyň döredijilik we durmuş ýoly ýaş nesillerde milli medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza bolan söýgini döretmekde, olaryň döredijilik mirasyny giň¬den wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Arkadag şäheriniň bu döwrebap muzeýindäki sergi, medeniýetimiziň taryhy kökleriniň neneňsi çuňňurdygyny we geljege uly ylham bilen uzaýandygyny ýene-de bir gezek subut etdi.
Medeniýet hepdeligi diňe bir aýdym-saz dabarasy bolman, ol asyrlaryň süzgüjinden geçip gelen milli däp-dessurlarymyzyň, pähim-paýhasymyzyň dabaralanmasydyr. Edebiýat duşuşyklarynda türkmen edebiýatynyň, şol sanda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öçmejek şygryýet dünýäsiniň we beýleki söz ussatlarymyzyň goşantlary uly buýsanç bilen bellenilip geçilýär.
Halkymyzyň her bir güni şatlyga, zähmet üstünliklerine we medeni galkynyşlara beslenendir. Balkan welaýatynda we Arkadag şäherinde, ähli türkmen künjeginde dowam edýän bu uly baýramçylyk, her bir türkmen raýatynyň kalbyny Watan söýgüsine doldurýar. Ýurdumyzyň çar künjünden gelen medeniýet we sungat işgärleriniň guran bilelikdäki çykyşlary ýurdumyzyň agzybirliginiň aýdyň nusgasydyr.
Goý, medeniýetimizi we sungatymyzy belent sebitlere çykarýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Ýurdumyzda tutulýan toýlar hemişe toýlara ulaşsyn!
2026-njy ýylyň Medeniýet hepdeligi we «Milli öwüşginlere baý türkmen medeniýeti» atly sergi gutly bolsun!
Aýnur Akynowa
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş
muzeýiniň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň bölüm müdiri