logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MILLI MIRAS KALBYMYZYŇ ÇYRAGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň bilelikde guramagynda “Milli miras kalbymyzyň çyragy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Milli medeniýetimiziň bäş müň ýyllyk taryhy öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny, asyrlaryň gatlaryna siňen medeni mirasymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe düýpli öwrenilip, halka ýetirilip, aýratynam ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek her medeniýet işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan atalar sözi gymmatly hazyna bolup durýandygy, ata-babalarymyzyň pähim-parasatly dana sözleri halk köpçüliginiň arasynda giňden ýaýrandygy giňden ýaýrandygy barada belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge, geljek nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.