logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Milli miras – ösüşleriň binýady

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli kitaphanalaryň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bir hepdelik kitap sergisini geçirmekligiň tassyklanylan meýilnamasy esasynda göçme kitap sergisini geçirdi.
Kitaphana hünärmeni serginiň ilkinji gününde talyp ýaşlara bir hepde dowam etjek göçme kitap sergisiniň many-mazmuny we onuň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Milli gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän çeper eserler hem-de ajaýyp döwrümizde kitap we kitaphanalardan peýdalanmaklygyň düzgünleri dogrusynda täsirli söhbetler edildi. Kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan guralan kitap sergimiziň üsti bilen ýaş nesiller ýurdymyzda çap bolup çykýan çeper eserler barada tanyş bolmaklyga mümkinçilik aldylar.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli edebiýatymyzy, mirasymyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.