logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Milli miras – terbiýäniň özeni

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen dabaraly şygarynyň many-mazmunyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň taryhy ähmiýetini düşündirmek maksady bilen, «Milli miras – terbiýäniň özeni» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Ýaşlaryň milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza bolan sarpasyny has-da artdyrmakda muzeýleriň we Ýaşlar guramalarynyň bilelikde maslahatlary geçirmegi örän netijelidir.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan—bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlisiň özlerinde uly täsirleri galdyrandygy hem-de ýurdumyzda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylykly geçiriljekdigine mejlisde edilen çykyşlaryň aýdyň şaýatlyk edýändigini bellediler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna halkymyz mynasyp zähmet üstünlikleri bilen barýar. Şu ýylyň sentýabrynda halkymyz agzybirlikde mukaddes Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyny giňden belläp geçer. Bagtyýar halkymyz her ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň baş baýramyny aýratyn buýsanç bilen garşylaýar. Garaşsyzlyk baýramy ýurdumyz hem-de halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli hem-de buýsançlydyr-diýip nygtadylar.

Şeýle hem çykyş edenler, Watana bolan söýgüleriniň belentdigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüşlerine ýaşlarymyzyň guwançlarynyň çäksizdigini, milli mirasymyzy sarpalaýan, eziz Watanymyzyň daýanjy hem geljegi bolan ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy we döredijilik ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin, ýurdumyzda ähli şertleriň döredilýändigi barada uly buýsanç bilen durup geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzy gülledip ösdürýän, ýaşlarymyza okamaga, işlemäge hem-de döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.