logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MILLI MIRAS–EBEDI GYMMATLYGYMYZ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Milli miras–ebedi gymmatlygymyz» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda milli mirasymyz, medeni gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz ýokary derejede sarpalanýan şöhratly taryhymyz, medeniýetimiz özüniň baýlygy hem-de gadymy kökleri bilen halkymyzyň millilik ýörelgelerinde jemlenendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň bu gymmatly milli-mirasy arkama-arka, nesilden-nesile geçip, şu günki günlerimize gelip ýetip, barha kämilleşýändigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň medeni mirasyny, milliligini aýap saklamakda we ony dünýä ýaýmakda, geljekki nesillerimize ýetirmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.