logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasy öwrenmekde we wagyz etmekde muzeýleriň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky, Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzalary, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň, Arkadag şäheriniň Bagt köşgi toý-dabaralary merkeziniň hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Nurmyrat Annaçaryýew, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzalary Nepes Rozyýew, Ziba Nepesowa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy Meňli Diwanowa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bölüm müdiri Mekan Ataýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň bölüm müdiri Umida Kakaýewa, Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň uly ylmy işgäri Ýazmuhammet Ataýew çykyş etdiler.
Milli miras diňe bir geçmişiň ýadygärligi bolman, eýsem halkyň ruhy dünýäsini we taryhy ýoluny kesgitleýän guraldyr. Berkarar döwletimizde milli mirasa bolan sarpa yzygiderli artýar. Medeni gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmekde muzeýler esasy ylmy hem-de medeni aň-bilim merkezleri hökmünde çykyş edýär. Muzeýler - geçmiş bilen geljegi birleşdirýän ruhy köprüdir. Muzeýleriň işini yzygiderli kämilleşdirmekde ylmy-barlaglary döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşdyrmak medeni mirasy gorap saklamagyň we halkara derejede dabaralandyrmagyň iň netijeli ýoludyr.
Häzirki wagtda milli mirasy wagyz etmekde innowasion tehnologiýalaryň orny uludyr. Sanly ulgam milli medeniýetimizi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem halkara giňişliginde hem giňden tanatmaga mümkinçilik berýär. Taryhy mirasy öwrenmek bilen bir hatarda, ony halka we dünýä köpçüligine dogry, täsirli ýetirmek möhümdir. Häzirki döwürde muzeýler wagyz işinde aşakdaky netijeli ugurlary ulanýarlar. Tematiki sergiler, ylmy maslahatlar, mekdep okuwçylary we talyplar üçin geçirilýän amaly sapaklar milli mirasyň wagyzçysy hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň daşary ýurtlarda sergilenmegi döwletimiziň baý medeniýetini dünýä tanatmaga mümkinçilik berýär.
Milli mirasy ylmy taýdan çuňňur öwrenmek, gaznalary döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün etmek we wagyz işinde täzeçe çemeleşmeleri ulanmak muzeýleriň jemgyýetdäki eýeleýän ornuny has-da berkidýär.
Maslahata gatnaşanlar Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasynda saklanýan şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserlerinden, şeýle hem sowgatlyklardan gurnalan sergini synladylar. Sergi türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we umumadamzat ruhy gymmatlyklaryna goşýan goşandyny şöhlelendirdi.

Käkilik Öwezberdiýewa,
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni
öwreniş muzeýiniň direktorynyň orunbasary.