logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MILLI MIRASYMYZ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň bilelikde gurnamagynda «Milli mirasymyz» atly söhbetdeşlik geçirildi we “Miras” teleýaýlymy bilen ýazgy edildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan gelýän milli mirasymyzy öwrenmek, ony geljekki nesillerimize ýetirmek bilen baglanyşykly işler uly üstünliklere beslenýändigi hakynda aýtdylar. Şeýle-de, bu günki günde milli mirasymyzyň ähli görnüşleri ylmy esasda öwrenilip, gorap saklanylyp, dikeldilip hem-de ýaş nesillerimize wagyz edilýändigini, häzirki döwürde halkymyzyň maddy we maddy däl medeni gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleriň yzygiderli alnyp barylýandygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen döwletimiziň abraý-mertebesini, şan-şöhratyny, milli mirasymyzy, ýol-ýörelgelerimizi dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.