Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Milli mirasymyz – Garaşsyzlygymyzyň berk binýadydyr» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäginde amaly-haşam sungatynyň sergisi, çeper höwesjeňleriň we döredijilik toparynyň çykyşlary hem guraldy.
Halkara maslahatyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Gülşat Ýusupowa, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Jemile Gurbanowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri Gurban Myradow, şeýle hem Belarus, Gazagystan, Gyrgyz we Türkiýe Respublikalarynyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlarynyň wekilleri gatnaşyp (onlaýn) çykyş etdiler.
Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilim we medeniýet ulgamy babatynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň gerime eýe bolýandygy, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde we daşary ýurtlarda ÝUNESKO kafedralarynyň, klublarynyň, federasiýalarynyň hem assosiasiýalarynyň hereket etmegi we olaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagy babatda döredilýän mümkinçilikler barada gyzykly gürrüňleri berdiler.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň
Maddy däl medeni miras müdirligi.