logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MILLI MIRASYMYZ-GENJI HAZYNAMYZ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda «Milli Mirasymyz–genji hazynamyz» ady bilen «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkezinde aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan, gadymy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmek we ösdürmek, medeni mirasymyza hormat goýmak ýaşlaryň arasynda giňden ýaýbaňlandyrylýandygy, türkmen halkyň özboluşly medeni-mirasy, däp-dessurlary bolup, geljekki nesillere ýetirmekde birnäçe işleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen topragynyň deňi-taýy bolmadyk haýran galdyryjy meşhur halylary, şaý-sepleri, zergärçilik, külalçylyk sungaty ýagny sungat derejesine göterilen senetçiligi, milliligi we özboluşlylygy bilen dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolýandygy barada çykyş etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.