logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MILLI MIRASYMYZ MERTEBÄMIZ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkezi hem-de Aşgabat şäher Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň Zenanlar bölüminiň bilelikde guramagynda «Milli mirasymyz mertebämiz» ady bilen “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkezinde söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen medeniýetimiz we sungatymyz gün-günden pajarlap, belent derejelere ýetýändigi, türkmen gelin–gyzlarynyň döreden nagyşlary dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna önjeýli goşant goşan kämil medeni gymmatlyklaryň hatarynda uly meşhurlyga eýe bolandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ata-babalarymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklary dünýä derejesinde sarpalanyp, olary il içinde wagyz edip, geljek nesillere miras galdyrmak işleriniň yzygiderli ýaýbaňlandyrylýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.