logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«Milli mirasymyza sarpa» atly sergi

Golaýda Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasymyza sarpa» atly sergi gurnaldy. Sergide meşhur türkmen halylary we haly önümleri, taryhy gymmatlyklarymyz, türkmeniň milli saz gurallary, türkmen bedewiniň heýkelleri, sünnälenip nepis ýasalan at esbaplary, milli lybaslar, şaý-sepler sergilendi. Bu gymmatlyklaryň her birinde halkyň dünýägaraýşy, tebigata bolan söýgüsi we çeperçilik zehini jemlenendir.

Gadymyýetden gözbaş alýan türkmen medeniýeti halkymyzyň beýik taryhynyň, özboluşly däp-dessurlarynyň hem-de ruhy gymmatlyklarynyň şöhratly waspnamasydyr. Milletimiziň özboluşly mirasy aýawly saklanyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýän gymmatly ruhy hazynadyr.

Sergä Arkadag şäheriniň ýaşululary Tejenguly Garapetow, Muhammetöwez Pöwwäýew, mährem eneler Amansoltan Annaçaryýewa, Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň mugallymy Gurbanbibi Akmyradowa, şeýle hem, Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň hünärmenleri, bank we muzeý işgärleri gatnaşdylar.

«Milli mirasymyza sarpa» atly sergi diňe bir taryhy gymmatlyklaryň toplumy bolman, eýsem, türkmen halkynyň ruhy dünýäsine syýahat etmekden, milli mirasymyzy öwrenmekden ybaratdyr.