"Bagt köşgi" toý-dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen "Miras" teleýaýlymy bilelikde milli mirasymyza we şaý-seplerimize bagyşlanan söhbetdeşlik gurnady.
Söhbetdeşlikde milli mirasymyzyň jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegidigi, gadymy medeni mirasymyzyň, ruhy gymmatlygymyzyň asyrlaryň uzak heňňamlarynyň dowamynda barha baýlaşyp, kämilleşip gelýändigi barada nygtalyp geçildi. Şeýle hem, müňýyllyklardan baý tejribe toplap gelen halkymyzyň dünýä nusgalyk mirasynyň, milli gymmatlyklarymyzyň, edim-gylymynyň, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň bardygy we häzirki ýaşlara ýetirmekde uly işleriň amala aşyrylýandygy hakynda söhbetler edildi. Milli şaý-seplerimize bagyşlanan gyzykly rowaýatlardyr, goşgular okaldy.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler, gadymy milli mirasymyzy ählitaraplaýyn öwrenmäge hem-de ähmiýetini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.