logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Milli mirasymyzda Magtymguly Pyragynyň waspy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylan ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda bölümiň işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Milli mirasymyzda Magtymguly Pyragynyň waspy”- atly kitap sergisi gurnaldy. Sergimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligine bagyşlanan kitaplara uly orun berildi. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Magtymguly–dünýäniň akyldary” atly kitabynda Magtymguly Pyraga uly baha berilýär: “Magtymguly bir ummandyr, düýbüne çümmeseň, onuň dürlerini çöpläp bilmersiň. Magtymguly bir asmandyr, ýyldyz bolup beýgelmeseň, onuň belentligine göz ýetirip bilmersiň” diýip, parasatlylyk bilen belläp geçýär.

Bu sergi akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden açyp görkezmekde hem ähmiýetlidir. Dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.