logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MILLI MIRASYMYZ–EGSILMEZ GUWANJYMYZ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda «Milli mirasymyz–egsilmez guwanjymyz» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň milli buýsanjy, gadymy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmek we ösdürmekde, medeni mirasymyza hormat goýmak, ýaşlaryň arasynda giňden ýaýbaňlandyrylýandygy, her bir halkyň medeni-mirasy, däp-dessurlary, nesilden-nesile geçip gelýän gymmatlyklary bolup, ol dünýä halklarynyň özboluşlylygyny şöhlelendirýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary şeýle hem gaýtalanmajak medeniýeti, sungaty dünýäniň medeni-ruhy hazynasynda mynasyp paýynyň bardygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýetimizi ösdürmek, dünýä ýaýmak, halkyň bagtyýar, milli medeni özboluşlylygyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirýän ägirt uly işleri buýsanjyňa buýsanç, guwanjyňa guwanç goşýandygy barada çykyş etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.