Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalary netijesinde, milli mirasymyza aýratyn sarpa goýulýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 28-nji oktýabrynda ýurdumyzyň mirasa sarpaly, millilige hormatly, göreldeli raýatlarynyň birnäçesi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň baý gaznalaryna ýene-de birnäçe gymmatlyklaryň tabşyrylmagyna bagyşlanan «Milli mirasyň nusgalary» atly dabara hem-de sergi gurnaldy. Sergide Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjysy Maýa Berdigylyjowa, bu welaýatyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy Aknabat Towyýewa, şeýle hem, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Täjigözel Amanalyýewa tarapyndan muzeýiň gaznalaryna tabşyrylan ХIХ–ХХ asyrlara mahsus bolan gadymy milli gymmatlyklar, türkmen halkynyň milli aýratynlyklaryny özünde jemleýän milli lybaslaryň dürli görnüşleri, amaly-haşam sungatynyň aýrylmaz bölegi bolan milli şaý-sepler, düýe ýüňünden dokalan agar çäkmeni, türkmen zenanlarynyň milli egin-eşigi bolan ýaşyl kürte, gyzyl çabyt hem-de gyzyl keteni köýnegi ýaly gymmatly eksponatlar uly orun eýeleýär. Bu gymmatlyklar geçmişde türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen milli gymmatlyklarymyzyň häzirki wagtda halkymyzyň buýsanç çeşmesine öwrülýändigini açyp görkezýär.
Şöhratly geçmişimizden hem-de halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan saldamly goşandyndan habar berýän şeýle ajaýyp gymmatlyklaryň ildeşlerimiz tarapyndan muzeýe gowşurylmagy görelde alynmaga hem-de buýsanylmaga mynasypdyr. Dabaranyň dowamynda milli gymmatlyklaryň birnäçesini muzeýe tabşyran mähriban zenanlarymyza, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.