logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MILLI MIRAS–YNSAN KALBYNYŇ NURYDYR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Milli miras–ynsan kalbynyň nurydyr» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, dana pederlerimizden bize miras galan milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekgi nesillere ýetirmek döwrüň derwaýyslygy, nusgalyk gözelligi, ajaýyplygy, nepisligi bilen dünýä meşhur gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de mähriban halkymyzyň ýer ýüzüne türkmen adyny dünýä ýaýmakda esasy orny eýeleýän milli mirasymyzy, asylly ýol-ýörelgelerimizi kämilleşdirmekde, pederlerimizden gelýän milli däp-dessurlarymyzy dikeltmekde uly işleriň alnyp barylýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenip, halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.