logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MILLI SAZ-SUNGATYMYZYÑ WASPY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Milli saz-sungatymyzyñ waspy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiñ täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyza goýulýan hormat – sarpanyň has-da artýandygy, türkmen halkynyň behişdi bedewleri, edermenligiň we wepalylygyň nusgasyna öwrülen alabaýlary, nepis halylary, şaý – sepleri ýaly gymmatlyklary bilen birlikde, milli aýdym – sazlarynyň hem merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”, “Ile döwlet geler bolsa...”, “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly ajaýyp kitaplarynda aýdym – sazyň türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, ýaşaýyş – durmuş ýörelgelerinde tutýan ornunyň ulydygy barada çykyş etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy, edebiýatymyzy dünýä derejesinde meşhur edýän we şöhratlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.