logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MILLI SIRK SUNGATYMYZ DÜNÝÄ DEREJESINDE YKRAR EDILÝÄR

MILLI SIRK SUNGATYMYZ DÜNÝÄ DEREJESINDE YKRAR EDILÝÄR

1-nji fewralda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolmagy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi Milli Liderimiziň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň sirk sungatynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Türkmen sirk sungatynyň ösüşinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna uly orun degişlidir. Bu topar 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy esasynda döredildi. Toparyň dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara, şol sanda 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara, 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde bolan Fontankadaky I halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

...Dabara Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynyň öňündäki meýdançada badalga aldy. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary Akhan we Aba Annaýew şaýollarynyň ugry bilen Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugradylar. Ýörişiň öňüni ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagy bolan atlylar çekdi.

Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen, sebitde ilkinji «akylly» şäher-Arkadag şäheri Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Arkadag şäheriniň durnukly ösüş, ekologik taýdan arassalygy, innowasion çözgütleri üçin halkara güwänamalardyr baýraklaryň birnäçesine mynasyp bolmagy hem bu iri şähergurluşyk taslamasynyň ýokary derejede durmuşa geçirilendigine şaýatlyk edýär. Täze şäherde milli binagärligiňiň gowy däpleri şähergurluşyk hem-de dizaýn boýunça häzirki zaman ýörelgeleri sazlaşykly utgaşýar. Onuň bezeg işlerinde behişdi ahalteke bedewleriniň şekiliniň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu ýerde Akhan atly bedewiň heýkeliniň ýerleşdirilmegi Arkadag şäheriniň şu günki we geljekki bedew batly ösüşlerini alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň ussat halypa seýsi Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň seýislän Akhan bedewiniň üstünligi ahalteke atlarynyň şöhratyny has-da artdyrdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bu bedewiňiki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçmegi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi şondan ozalky iň gowy netijeden iki esse ýokarydyr. Akhanyň bu üstünligi türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly yhlasynyň, seýisçilik tejribesiniň ajaýyp netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylda Akhany «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat bermegi toparyň täze üstünliklerine ýol açdy. Akhan bu topar bilen ençeme ýurtlarda çykyş edip, halkara festiwallaryň baş baýraklaryny gazanmaga mynasyp goşant goşdy.

«Türkmenistan» gazeti