Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sungatyny ylmy taýdan öwrenmegine, ýaş alymlaryň ylmy barlaglarynyň höweslendirilmegine giň şertler döredilýär. 2026-njy ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 5-nji ýyl talyplarynyň diplom goragy üstünlikli geçdi. Ýaş sungaty öwrenijiler saýlap alan temalaryň derwaýyslygy olaryň çuňňur gözleg işlerini we seljeriş ukyplylygyny görkezýär. Bu diplom işler milli sungatyň we medeniýetiň ösüşine öz goşandyny goşýar.
Sungaty öwrenijiler Sülgün Saýylowanyň, Bägül Annadurdyýewanyň diplom işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň çeper bezegine, çaý medeniýetiniň däplerine syn berlip, ajaýyp sungat eserleriň türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, milli gymmatlyklary bilen berk baglydygyny bellenilýär. Çünki alym Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary ýol-ýörelgämizdir, geljegimiziň şamçyragydyr.
Ýurdumyzyň muzeý gaznalarynda saklanylýan sungat eserlerini ylmy taýdan öwrenmek wajyp meseleleriň biridir. Ýaş sungaty öwrenijiler Ýalkap Sähedowyň «Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň şekillendiriş sungaty ýygyndysy» we Nurana Sähetgeldiýewanyň «Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiň hazynasy – dost-doganlyk köprüsi» atly diplom işlerinde muzeý gymmatlyklary çeperçilik taýdan öwrenilip, olaryň taryhy ähmiýetine täzeçe baha berilýär. Bu bolsa ylmy gözlegleriň we muzeý tejribesiniň arabaglanyşygyny görkezýär we milli mirasymyzy gorap saklamagyň hem-de wagyz etmegiň wajyplygyny belleýär.
Amangül Goçmyradowanyň «Gahryman Goçmyradowyň döredijiliginde filosofik garaýyşlar», Aýbibi Çaryýewanyň «Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýedinazar Madatowyň döredijilik mirasy», Mahym Meredowanyň «Portret nakgaşlygynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň orny», Sähragül Baýryýewanyň «Balkan welaýatynyň suratkeşi Nazmämmet Satlykgulyýewiň döredijiligi», Bägül Hojanyýazowanyň «Mary suratkeşi Gurbangeldi Gurbanowyň nakgaşlygy» atly diplom işlerinde türkmen sungatynyň taryhynda uly yz galdyran halypa ussatlaryň we döwrebap suratkeşleriň ömri we döredijilik gözlegleri, häzirki zaman sungatynyň ösüş ýollary yzygiderli seljerilýär. Ýaşlar halypa we ýaş suratkeşleriň dünýäsine aralaşyp, milli çeperçilik mirasyna degişli maglumatlary beýan etmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Akgözel Sahatmyradowanyň «Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda bagtyýar çagalar dünýäsi» atly tema ýüzlenip, çagalaryň durmuşyny we keşbini beýan edýän nakgaş we heýkel eserleriň many-mazmunyny we çeperçilik özboluşlylygyny açyp görkezýär. Serwi Gurbanberdiýewanyň diplom işinde bolsa Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda bedew waspynyň şöhlelendirilişine syn berilýär. Türkmenistanyň nakgaşlygynda dürli çeperçilik akymlarynyň täsirini öwrenen Annagül Bagtyýarowa deňeşdiriş seljermeleriň mysalynda dünýä sungatyndaky stilleriň aýratynlyklary, usullary barada beýan edýär. Gülşen Berdiýewanyň diplom işi Türkmenistanyň nakgaşlygynda Hazar deňziniň gözel keşbine bagyşlanyp, suwuň ähmiýetini suratlandyrýan çeper keşplerden başlap, häzirki zaman türkmen suratkeşleriniň döredijiliginde deňziň wasp edilişi sungaty öwreniş nazary esasynda beýan edilýär.
Binagärlik sungatynyň özboluşlylygy we döwrebap şähergurluşygy Ogulsona Öwezmyradowanyň «Arkadag şäheri – döwrebap binagärligiň nusgasy», Jennet Kakabaýewanyň «Gündogar halklarynyň öý gurluşygynyň milli däpleri», Şirmyrat Kerimowyň «Aşgabat şäheriniň medeni we jemgyýetçilik binalaryň çeper bezegi (XXI asyr)» atly diplom işlerinde beýan edilýär. Aýjan Astanowanyň «Sagatlaryň taryhy we çeperçilik bezegleriniň aýratynlyklary» atly temasynda diňe bir taryhy maglumatlary, muzeý gymmatlyklary däl-de, eýsem, häzirki zaman türkmen dizaýnerleriniň, zergärleriniň döredijiligine degişli eserleri barada ylmy garaýyşlar bar. Şemşat Kadyrowa Türkmenistanyň nakgaşlygynda binagärlik ýadygärlikleriň çeper beýan edilişini öwrenip, olaryň taryhy we çeperçilik ähmiýetini wasp edýän eserlerine sungaty öwrenijilik nazaryýeti taýdan baha berdi. Bu bolsa ýaş sungaty öwrenijiniň ylmy gözlegler bilen medeni mirasymyzy wagyz etmek işlerine uly goşantdyr.
Gülabat Gadamowanyň «Garaşsyz Türkmenistanyň şekilli halylaryň çeper çözgüdi» atly diplom işi döwrebap türkmen halyçylygynda şekilli halylarda beýan edilýän ýordumlaryň we şekilleriň aýratynlyklaryny muzeý gymmatlyklaryň, şahsy ýygyndylaryň mysalynda syn berýär we olaryň taryhy hem-de estetiki ähmiýetini açyp görkezýär.
Ýaş sungaty öwrenijiler häzirki zaman tehnologiýalardan peýdalanyp, çykyşlaryň dowamynda diplom işleriň temasy barada taýýarlanylan täsirli prezentasiýalary we wideoşekilleri görkezdiler. Bu bolsa olaryň çykyşlaryny has düşnükli we gyzykly etmäge mümkinçilik berdi. Diplom goragyna tanymal suratkeşleriň, binagärleriň, alymlaryň, muzeý işgärleriň, mugallymlaryň gatnaşmagy bu synagyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Mundan başga-da, tejribeli synçylaryň ýaşlaryň işlerine baha bermegi geljekki sungaty öwrenijileriň zehininiň açylmagyna we täze ýörelgeleriň döremegine ýardam berdi.
Jeren BALTAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy