logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HOŞALLYK MASLAHATY

Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigi bilen bagly milli taryhy-medeni gymmatlyga eýe bolan serişdeleri döwlet tarapyndan hasaba almak we olaryň Döwlet sanawyny ýöretmek maksady bilen taýýarlanan «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibini tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem bu taryhy waka mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny ýüze çykarmak, toplamak, ylmy taýdan öwrenmek we geljek nesillerine abat ýagdaýynda ýetirmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Şol gymmatlyklary gorap saklamak, hasaba almak we olaryň Döwlet sanawyny ýöretmek işlerinde ýurdumyzyň muzeýleriniň mynasyp orny bardyr.

Hoşallyk maslahatynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, «Watan mukaddesligi» muzeýiniň, «Gökdepe» milli muzeýiniň, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň ýolbaşçylary we hünärmenleri çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilen hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar taryhymyzyň gymmatly hazynalaryny resmi esasda dogry öwrenmäge hem-de geljek nesillere aýawly ýetirmekde döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza biragyzdan çäksiz minnetdarlyk bildirdiler.