logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MIRAS GYMMATLYKLARYNYŇ GÖZLEGINDE

Daşoguz welaýatyna ylmy-etnografik ekspedisiýa guraldy

Türkmen halky dünýä medeniýetiniň baýlaşmagynda, kämilleşmeginde uly orun eýelän maddy we ruhy gymmatlyklary bilen giňden meşhurdyr. Häzirki döwürde şol gymmatlyklar baradaky maglumatlary halk arasyndan toplamak hem-de geljekki nesillere geçirmek möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Ine, şundan ugur alnyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan alymlardan, etnograflardan, žurnalistlerden hem-de medeniýet-sungat işgärlerinden döredilen ylmy-döredijilik topar Daşoguz welaýatynda iş saparynda boldy. Topar bu ýerde halkymyzyň milli senetçiligi, däp-dessury, halk döredijiligi, milli tagamlary, ussaçylygy, milli lybaslary, dokmaçylygy boýunça we olaryň welaýat aýratynlygy barada täsirli we gyzykly maglumatlary topladylar. Bu asylly işde welaýatyň medeniýet, sungat işgärleri, ýerli ýaşaýjylar ýakyndan ýardam berdiler.
Halk mirasy – halkyň gymmaty egsilmejek hazynasy. Şol hazynany aýawly saklap, nesillere geçirmek mukaddes borjumyzdyr.

OGULTÄÇ HOJANAZAROWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary