Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Şekillendiriş sungaty muzeýi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşiniň guramaklarynda «Miras – halkymyzyň ruhy hazynasy» ady bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen “Görogly” şadessany, Küştdepdi sungaty, Dutar ýasamak senetçiligi, türkmen halkynyň durmuşynda milli medeni mirasyna degişli gymmatlyklary ýüze çykarmak, olary ýaşlara giňden wagyz etmek maksady bilen birnäçe işleriň durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de “Gadymy Merw”, “Nusaý”, “Köneürgenç”, ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi barada beýan etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy giňişleýin öwrenmäge we halkymyza wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.