logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«MIRAS» TELEÝAÝLYMY BILEN BILELIKDE BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE «KITAPHANA ULGAMYNDA ALNYP BARYLÝAN IŞLER» DOGRUSYNDA ÝAZGY EDILDI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler dogrusynda ýazgy etdiler. Çykyş eden hünärmenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň kitaphanalaryna we kitaphana işine uly üns berilýändigini, ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüji, ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri we kitap okamaklyga bolan söýgüsini artdyrmaklary üçin alyp barýan işleri dogrusynda söhbet etdiler. Kitaba uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.