logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MIRASYM-MERTEBÄM

MIRASYM-MERTEBÄM

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Mirasym-mertebäm» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler gözbaşyny asyrlaryň çuňluklaryndan alyp gaýdýan milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz, türkmen halylarymyz, bedew atlarymyz, milli saz guraly bolan dutarymyz, medeniýetimiz we sungatymyz hakynda çykyş etdiler. Şeýle hem söhbetdeşlige gatnaşyjylar öz çykyşlarynda medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň täzelenmegi bilen kämilleşip synmaz sungata öwrülen gymmatlyklarymyzyň biri-de türkmen keçeleridir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen halkynyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň arasynda keçäniň tutýan orny has uludyr» diýip belleýşi ýaly keçe halkymyzyň medeni mirasynyň naýbaşy gymmatlyklarynyň biridigi hakynda giňişleýin belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk bähbitli tagallalarynyň netijesinde taryhy we häzirki zaman medeni gymmatlyklary gaýtadan dikeltmek, aýawly saklamak we nesilden-nesle geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler milli mirasa goýulýan sarpanyň nyşanydygyny uly buýsanç bilen nygtadylar. Şeýle hem «Mirasym-mertebäm» atly söhbetdeşligiň çäginde «Sungata öwrülen senet» atly giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.