logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MIRASYMYZ – GYMMATY EGSILMEJEK HAZYNAMYZ

Ahal welaýatyna ylmy-etnografik ekspedisiýa guraldy

Ençeme müňýyllyklary başdan geçirip, kämillige we meşhurlyga eýe bolan milli gymmatlyklarymyz dünýäniň gözelligine bakylyk bolup siňen medeni-ruhy hazynamyzdyr. Täze taryhy eýýamymyzda – Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Watanymyzyň baý medeni mirasa eýedigini tassyklap, dünýä medeniýetinde möhüm orun eýelän ol gymmatlyklarymyzy öwrenmek maksady bilen ýerlere ylmy-döredijilik saparlaryny, ylmy-etnografik ekspedisiýalary guramak indi asylly däbe, sogaply işe öwrüldi.
Ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan türkmeniň miras gymmatlyklaryny öwrenmek maksady bilen döredilen ylmy-döredijilik topar Ahal welaýatynda iş saparynda boldy. Bu topar öz iş saparynyň dowamynda welaýatyň senetkärleri, ussalary, mirasgärleri bilen duşuşyp baý maglumatlary toplamagy başardylar. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň amaly-haşam sungaty milletimiziň baý mirasynyň kämil nusgalaryny dünýä çykardy. Olaryň arasynda türkmen halysy çeper döredilen naýbaşy önüm hökmünde mynasyp orun eýeleýär. Ekspedisiýanyň dowamynda türkmen milli halyçylyk sungaty, onuň dowam edip gelýän milli tejribeleri barada hem maglumatlary toplamak işleri alnyp baryldy. Mirasa baý halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň arzyly gymmatlyklarynyň biri hem keçe senedidir. Islegiň artmagy bilen bu gadymy senet sungat derejesine ýetirilipdir. Keçeler ak öýlere örtmek, gapysyna tutmak, düşenmek, atlara basyryk, içirgi, jul, öý goşlaryny salmak üçin horjun, çopanlar üçin oýluk, ýiti, uçly we tiz döwülýän zatlar üçin gap hökmünde giňden peýdalanylypdyr. Biziň toplan maglumatlarymyz keçe basmagyň milli usullary bilen has hem baýlaşdy.
Dutar ussaçylygy hormatly kär. Senetçiligiň kämil mekdebini geçen ussalar bu mukaddes käri ussatlarça ele alyp, milli saz gurallaryny ýasamagy hem sungat derejesine ýetiripdirler. Ekspedisiýamyzyň dowamynda dutar we agaç ussaçylygy bilen baglanyşykly toplanylan maglumatlar toparymyzyň bu ugurda çeken zähmetiniň netijeliligini artdyrdy. Maşgala we toý däp-dessurlary, tebipçilik, düýedarçylyk, hüwdi, keşdeçilik sungaty, gurama önümlerini taýýarlamak, palas önümlerini dokamak, jorap örmek, şeýle hem toý tagamlaryny taýýarlamakdaky tejribeleri özünde jemleýän maglumatlar hem işjeň ýagdaýda toparymyzyň agzalary tarapyndan toplanyldy. Türkmeniň şöhratly geçmişinde we şu gününde halkyň çeper döredijiligi bilen döredilen milli- medeni gymmatlyklaryna uly hormat goýulýar. Çünki, olar milli-ruhy dünýämiziň özenini düzýär.
Biziň ylmy-etnografik ekspedisiýamyz Ahal welaýatynda jemlendi. Elimizi ýüregimiziň üstünde goýup aýtsak, bu ekspedisiýa soňlanmajak täsiri bilen ýatda galdy. Çünki, bu ekspedisiýa nesillere ýörelgelik miras baýlyklary toplamak bilen çäklenmedi. Biz, halkyň arasynda bolup, halkyň öz miras baýlyklaryna bolan sarpasynyň, söýgüsiniň çäksizdiginiň hem şaýady bolduk. Eziz Diýarymyzyň her bir pursatyny buýsandyryjy üstünliklere besläp, bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň ýüreginde nähili güýçli hormatyň, egsilmejek alkyşyň bardygyna hem has aýdyň göz ýetirdik. Ol hormat, ol söýgi bizi hem ruhubelentlik duýgusy bilen gaplap aldy.
Ekspedisýanyň täsirleri bilen ýazylan bu ýazgymyzy bizi baky bagta ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň ak alkyşlaryny ýetirmek bilen jemleýäris:

Garaşsyzlyk şuglasyna nur saçyp,
Alkyş size Gahryman Arkadagymyz,
Alkyş size Arkadagly Serdarymyz.
Watanyň waspyna ýürekler joşup,
Alkyş size Gahryman Arkadagymyz,
Alkyş size Arkadagly Serdarymyz.

Ýagşyzadalaryň asly ýurdumyz,
Gün deňinde ony belent gurduňyz.
Bagtyýarlyk zamanany berdiňiz,
Alkyş size Gahryman Arkadagymyz,
Alkyş size Arkadagly Serdarymyz.

OGULTÄÇ HOJANAZAROWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ylmy-döredijilik toparynyň ýolbaşçysy.