logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Moskwada dabaralanan sungat

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň medeniýet, sungat işgärleriniň we çagalar döredijilik toparlarynyň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara festiwallaryna, döredijilik forumlaryna yzygiderli gatnaşyp, milli sungatymyzy giňden wagyz etmekleri hem-de özara tejribe alyşmaklary üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilýär.

2026-njy ýylyň 20-22-nji awgusty aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde «V Halkara çagalar döredijilik medeni forumy» geçirilip, oňa dünýäniň 17 döwletinden sungat ugurly zehinli çagalary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan berýän goldaw-hemaýatlary netijesinde, bu Halkara forumyna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-ineternatynyň zehinli çagalary gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.

Forumyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň belli sungat ussatlary bilen döredijilik duşuşyklary, konsertler, saz we tans hünäri boýunça ussatlyk sapaklaryna we sungatyň dürli ugurlary boýunça tanyşlyk çärelerine gatnaşyldy. Şeýle hem, meýilnama esasynda awtobusly gezelenç arkaly çagalar Moskwa şäheriniň gözel ýerlerine aýlanyp gördüler.

Halkara forumynyň çäklerinde geçirilen Gala konsertde ýurdumyzdan ozal hem halkara baýragynyň eýesi bolan, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň tans hünäri boýunça 12-nji synp okuwçysy Aýşat Rejepowa Nury Halmämmedowyň sazy esasynda taýýarlanan tansynda üstünlikli çykyş edip tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazandy.

Bu Halkara forumyna gatnaşan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň dürli hünärler boýunça bilim alýan 6 sany zehinli okuwçylary Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň ýörite Sertifikatlary bilen sylaglandy.

Halkara foruma gatnaşan zehinli çagalar milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegi hem-de dünýäde giňden dabaralanmagy ugrundaky uly goldaw-hemaýatlary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.