Iýun aýynyň ilkinji günlerinde Moskwada ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň, şol sanda meşhur artistleriň, opera ýerine ýetirijileriň, estrada aýdymçylarynyň, meşhur saz we tans toparlarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleri ähmiýeti uly wakalara, täsirli pursatlara baý boldy. Ol «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalarynyň halkara derejede hem many-mazmun taýdan baýlaşýandygyny alamatlandyrdy. Iki halkyň arasyndaky dostluk köprülerini has-da berkiden medeni çäreler türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamlarda-da üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Medeniýet günleriniň 4-nji iýunda Moskwanyň «Rus aýdymy» döwlet akademiki teatrynda geçirilen açylyş dabarasy şatlyk-şowhunly pursatlara beslendi. Onda çykyş edenler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtadylar. Şunda şeýle gatnaşyklaryň ösdürilmegine döwlet derejesinde goldaw berilýändigi üçin iki ýurduň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Açylyş dabarasynyň başynda «Türkmen ilinden salam» atly edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. «Gel Türkmenistana!», «Parahatçylyk sazy», «Mirasyň dürdäneleri», «Çapyksuwaryň aýdymy», «Dutaryň owazy», «Toý bu gün» ýaly hoş owazly mukamlar russiýaly tomaşaçylarda bedew batly ösüşlere beslenýän güneşli Türkmenistana gaýybana syýahat eden ýaly duýgy döretdi. Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň çykyşlary, şol sanda «Küştdepdi» tansynyň şowhunly ýerine ýetirilmegi medeni çärä aýratyn öwüşgin berdi. Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertinde ýerine ýetirilen milli aýdym-sazlarymyz, şeýle-de ýurdumyzyň ussat artistleriniň rus dilindäki çykyşlary tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň, iki ýurduň işewür düzümleriniň wekilleriniň, dostlukly döwletiň medeni edaralarynyň jogapkär işgärleriniň, Moskwada akkreditirlenen daşary ýurt diplomatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ylym, sungat adamlarynyň, žurnalistleriň, talyplaryň we ýurduň sebitlerindäki türkmen diasporalarynyň wekilleriniň hormatly myhman hökmünde gatnaşmaklary çäräniň ähmiýetini artdyryp, derejesini has-da belende göterdi. Konsertiň dowamynda agzybirligi, milli gymmatlyklary wasp edýän aýdym-sazlaryň belentden ýaňlanmagy türkmen hem-de rus halklarynyň dostlukly gatnaşyklarynyň barha berkeýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Zehinli artistlerimiz, sungat ussatlarymyz sazyň, aýdymyň we tansyň bitewi sazlaşygy arkaly russiýaly tomaşaçylaryň türkmen halkynyň milli döredijilik ruhy, ýürek joşguny we hoşniýetli däpleri bilen has ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik döretdiler.
Moskwada medeni forumyň çäklerinde guralan sergi köp adamly boldy. Onda ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşi, däp-dessurlary şöhlelendirilip, türkmen halkynyň milli bezeg şaý-sepleri, muzeý gymmatlyklary, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleri görkezildi. Munuň özi dostlukly ýurtda geçirilen Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň köptaraply häsiýete eýedigini görkezdi. Forumyň esasy çäreleriniň biri bolan sergide görkezilen gymmatlyklar oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Aýratyn-da, çeper bezegli milli zenan lybaslary, türkmen şaý-sepleri, el keşdeleriniň we haly önümleriniň nusgalary sergä gelen myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Russiýanyň paýtagtynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň rektorlarynyň, iki ýurduň bu ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň duşuşygy hem geçirildi. Onuň dowamynda medeniýet we sungat ugry boýunça özara tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerine garalyp, gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň meseleleri babatda pikir alyşmalar boldy. Şunda özara tejribe alyşmak bilen bir hatarda, bilelikdäki konsertleri guramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy ähmiýetli wakalar we medeni çäreler bilen utgaşdy. Moskwanyň M.I.Rudomino adyndaky daşary ýurt edebiýaty Bütinrussiýa döwlet kitaphanasynda iki ýurduň ýazyjylarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda kitaphana ulgamynda özara tejribe alyşmagyň we gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy. Ýeri gelende aýtsak, dünýä belli akyldarlaryň we edebiýatçylaryň ençemesiniň jemlenip, döwre gurap oturan künjegini ýada salýan bu kitaphananyň öňündäki meýdançada 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň heýkeli hem mynasyp orun alypdy. Forumyň ýapylyş dabarasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Belent ruha beslenen aýdym-sazlaryň, joşgunly tanslaryň degişli wideoşekiller bilen utgaşmagy has-da täsirli boldy. Milli Liderimiziň sözlerine döredilen «Ak güllerim saňa» atly ajaýyp aýdym bolsa konserte gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary ýurdumyzyň aýdymçy-sazandalarynyň ussatlyk derejesine berlen ýokary baha hökmünde kabul edildi.
— Bu günki gün Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky medeni gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Medeniýet günleri, çeperçilik sergileri, konsertler hem-de döredijilik duşuşyklary dowamly geçirilýär.
Iki ýurduň bilim edaralarynyň, muzeýleriniň, kitaphanalarynyň we ylmy merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň gerimi giňeldilýär. Şunda aýdym-saz sungaty bilen bagly gatnaşyklaryň hem barha ýygjamlaşýandygyny bellemek gerek. Türkmen we rus kompozitorlarynyň eserleri konsertlerde ýokary baha mynasyp bolýar. Olaryň bilelikde döreden sazlary bolsa biziň ýurtlarymyzyň medeni gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna ýardam edýär. Russiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýediginiň, medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň güwäsidir. Bu medeni forum russiýalylara türkmen halkynyň baý taryhy mirasy, özboluşly däp-dessurlary, milli sungaty, şol sanda saz eserleri bilen ýakyndan tanyşmaga ýene bir ýola giň mümkinçilikleri döretdi. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen medeniýeti köptaraplylygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ony hemmetaraplaýyn açyp görkezmek maksady bilen, Medeniýet günleriniň çäklerinde Russiýada geçirilen konsertiň meýilnamasyna halk döredijiliginiň eserlerini, milli saz sungatymyzyň nusgalaryny, nusgawy we estrada sazlarymyzy girizdik. Şeýle çäreler dostlukly hyzmatdaşlygy, şol sanda medeni gatnaşyklary has-da berkitmäge hem-de giňeltmäge mümkinçilik berýär - diýip, türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory Resul Amangeldiýew aýdýar. Mahlasy, baýramçylyk ruhunda geçen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleri iki ýurduň medeni gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypany ýazdy. Onuň çäklerindäki köpöwüşginli çärelere gatnaşan watandaşlarymyz, şol sanda ýurdumyzyň sungat ussatlary türkmen medeniýetini we sungatyny dünýäde dabaralandyrmak ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi hem-de bu babatda şeýle giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarlar.
žurnalist.