logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MUGALLYMLAR WE OKUWÇYLAR MUZEÝDE MYHMANÇYLYKDA BOLDULAR

Ýaş nesilleriň ylym-bilimli, giň dünýägaraşly, şanly taryhymyza we milli gymmatlyklarymyza wepaly nesiller bolup ýetişmeginde muzeýleriň orny örän uludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, çagalaryň we ýaşlaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak maksady bilen çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýakynda Arkadag şäheriniň 4-nji orta mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldular.
Gezelenjiň dowamynda myhmanlar muzeýiň giň zallarynda sergilenýän gymmatlyklar, taryhy tapyndylar we halkymyzyň köpasyrlyk maddy-ruhy mirasynyň nusgalary bilen tanyşdylar.
Muzeýiň hünärmenleri tarapyndan okuwçylar üçin ýörite taýýarlanan gyzykly gürrüňdeşlikler çagalaryň taryha bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Okuwçylar halkymyzyň durmuşynda ulanan gadymy zähmet gurallaryny, amaly-haşam sungatynyň seýrek duş gelýän nusgalaryny, ene-mamalarymyzyň ellerinden dörän nepis türkmen halylaryny we milli şaý-seplerini ünsli synladylar. Aýratyn-da mekdepde okadylýan taryh we edebiýat derslerinde öwrenilýän taryhy wakalaryň we şahsyýetleriň muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen janlandyrylmagy okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Mundan başga-da, olar muzeýiň ülkäni öwreniş we tebigat bölümine aýratyn gyzyklanma bilen aýlandylar. Bu ýerde sebitiň özboluşly ekologik gurşawy, haýwanat we ösümlik dünýäsi barada gurnalan täsirli sergiler, okuwçylara daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek we ekologik medeniýeti ösdürmek boýunça uly amaly sapak boldy. Biologiýa we geografiýa derslerine degişli maglumatlaryň interaktiw we sanly ulgamlar arkaly görkezilmegi bolsa okuwçylaryň aýratyn ünsüni çekdi.