logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Mukaddes Garaşsyzlygymyza bagyşlanan söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölümi tarapyndan mukaddes Garaşsyzlygymyza bagyşlanan söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýürek buýsançlaryny beýan etmek bilen, bu ýylda eziz Watanymyzyň şöhratyny arşa göterýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň uludan toýlanýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň özbaşdaklygy, ata-babalarymyzyň döwletlilik ýol-ýörelgesi, halkymyzyň agzybirligi barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler, türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.