Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň bilelikde guramagynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk – sen ykbalyň peşgeşi, joşa geler köňül ylham çeşmesi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede halkymyzyň hasyl bolan arzuwy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk taryhy senesi toý-dabaralara beslenip, zähmetsöýer halkymyzyň mizemez agzybirliginiň waspy bolup has-da belentden ýaňlanýandygy hakynda çykyş etdiler. Şeýle-de halkymyzyň Garaşsyzlyga, hemişelik Bitaraplyga aýratyn sarpa goýýandygyny nygtadylar.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda uly işleri amala aşyrýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.