logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Mukaddes Garaşsyzlygymyza bagyşlandy

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sazçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly gepleşik guraldy.

Gepleşigiň dowamynda çykyş edenler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň ruhuny belentliklere göterýändigini bellediler.

Gepleşigiň ahyrynda Garaşsyzlygymyzyň binýadyny has-da berkidýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.