logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli kitaphanaçylaryň ýürek buýsanjy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynda “Türkmenistan sporty” teleýaýlymynyň “Sport üstünligiň menzili” gepleşiginde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda ýurdumyzyň ösüşlerini-özgerişlerini, kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler hakynda hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli kitaphanaçylar bilen ýazgy edildi.

Kitaphana hünärmenleri “Türkmenistan sporty” teleýaýlymynyň “Sport üstünligiň menzili” gepleşiginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny mynasyp garşylamak, ýurdumyzyň gazanýan beýik üstünliklerini giňden wagyz etmek ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar