Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli «Mukaddes Garaşsyzlyk - asyrlaryň hasyl bolan arzuwy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň dabaralara beslenip, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň taryhy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly gadam goýýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly ösüşi we Watanymyzyň halkara giňişligindäki belent abraýy, hut asyrlarboýy kemala gelen milli gymmatlyklarymyza ygrarlylygyň netijesinde gazanylýan üstünlikleriň beýanydygy barada çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.