Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Mukaddes Garaşsyzlyk – baky bagtyň gözbaşy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatçylyk mukamy bolup ýaňlanýandygyny, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralandyrylýadygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şanly Garaşsyzlyk ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji, Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmesi, bagtyýar geljeginiň buşlukçysydygy barada belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Watanymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr-sazlary ýerine ýetirdiler, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Berkarar diýarymyzy, beýik ösüşlere, ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.