logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

Mukaddes Garaşsyzlyk-buýsanjymyz, bagtymyz

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Mukaddes Garaşsyzlyk-buýsanjymyz, bagtymyz’’ ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler şanly Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde gazanylan taryhy ösüşler, biziň ykdysadyýetimiz bilen deň derejede ösýän milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ägirt uly ösüşleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Olar öz çykyşlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanmyzyň ähli pudaklarynyň ajaýyp ösüşler,ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň binagärlik derejesiniň ösüşleri hakynda hem giňişleýin durup geçdiler.

Söhbetleriniň ahyrynda çykyş edenler bize şu ajaýyp bagty beren türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.