Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgi hem-de 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli Bagtyýarlyk medeniýet köşgünde «Mukaddes Garaşsyzlyk-halkymyzyň milli buýsanjy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.
Geçirilen çärede halkymyzyň bagtyýar, erkana durmuşynyň özeninde duran, Berkarar döwletimiziň sarsmaz sütüni bolan Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň baýram edilýän günlerinde ýurdumyzyň ähli künjekleri şatlyk-şowhuna, toý-baýramlara beslenýändigi hakynda çykyş etdiler. Şeýle-de 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri esasynda gurnalan kitap sergisi çäräniň täsirini artdyrdy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.