logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MUKADDES GARAŞSYZLYK–BAKY BAGTYŇ BAÝRAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgi hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Mukaddes Garaşsyzlyk–baky bagtyň baýramy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler şanly Garaşsyzlygymyz biziň milli buýsanjymyzdygyny, berkarar döwletimiziň mizemezliginiň il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýady bolup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miweleri döwletimiziň taryhyna altyn sahypalar bilen ýazylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyz Garaşsyzlyga, hemişelik Bitaraplyga bagtyýarlygyň, berkararlygyň gözbaşy höküminde aýratyn sarpa goýýandygy barada beýan etdiler.

Çäräniň dowamynda 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy. Bu bolsa çäräniň täsirini has-da artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda Berkarar Diýarymyzy gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.