logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

MUKADDES GARAŞSYZLYK–BAKY BAGTYŇ GÖZBAŞY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Mukaddes Garaşsyzlyk–baky bagtyň gözbaşy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatçylyk mukamy bolup ýaňlanýandygyny, türkmen ruhynyň we mertebesiniň täzeden dabaralandyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şanly Garaşsyzlyk ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji, Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmesi, bagtyýar geljeginiň buşlukçysydygy barada belläp geçdiler.

Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Watanmyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr-sazlary ýerine ýetirdiler, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda Berkarar diýarymyzy, beýik ösüşlere, ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.