logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

MÜŇ DÜRLI ÖWÜŞGÜNLI MILLI MIRASYMYZYŇ WASPY

Her bir güni buşluga, hoşluga, joşguna beslenýän bagtyýar zamanamyzyň ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň paýhasly güýz paslynyň nurana günleri halkymyza bagtyýarlyk nuruny eçilip, kalplarymyza egsilmejek ylham çaýýar. Barha golaýlaşyp gelýän hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýy bilen utgaşýan dabaraly çärelere bolsa işjeň häsiýet mahsus. 2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň “Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky” Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri onuň iň işjeň agzasy bolup durýar. Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha ilerleýär. Bu ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynda mynasyp orun tapýar.

Ýaňy ýakynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretarýady, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Lebap welaýat häkimliginiň bilelikde gurnamagynda ÝUNESKO tarapyndan yglan edilen Maddy däl medeni mirasyň halkara güni mynasybetli welaýatymyzyň çeper elli zenanlarynyň, kümüş saçly mährem enelerimiziň, nurana gelin - gyzlarymyzyň gatnaşmagynda dabaraly duşuşyk geçirildi. Baý many-mazmunly, täsirli çykyşlary özünde jemlän bu duşuşyk, milli mirasymyzyň dürli görnüşlerini we muzeý gymmatlyklarymyzy giňden ýaýbaňlandyrylan serginiň müň dürli öwüşgünleri bilen utgaşdy. Bäş müň ýyllyk taryhyny özünde jemleýän amaly-haşam, keşdeçilik, keçe basmak, haly dokamak, bagşyçylyk we dutar ýasamak ýaly hünärler milletiň maddy hazynasy, ruhy täji bolmak bilen çäklenmän, şol bir wagtda halkymyzyň taryhyny öwrenmekde-de egsilmez çeşmedir. Ussatlyk bilen dokalan halylarymyzy, mähir hem-de yhlas siňdirilip bejerlen tahýalarymyzy, türkmen tebigatynyň ajaýyp reňkleri siňen keşdelerimizi we keçelerimizi içgin synlanyňda, olaryň türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, sungatyna saldamly goşant goşandygyna aýdyň göz ýetirýärsiň.

Dabaraly duşuşykda oňa gatnaşan zenanlaryň her biri bagtyýar zamanany peşgeş beren milli mirasymyzy, arşyň nepisligine deňelýän nepis haly sungatymyzy, öwrenmäge hem-de ýaş nesle milliliklerimizi wagyz etmäge hem-de dünýä ýaýmaga döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekleriniň töründen çykýan ajaýyp alkyşlaryny beýan etdiler.


Ogulgerek AGAJANOWA

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri