logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Müňýyllykdan gözbaş alýan medeniýet

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Arkadag şäheriniň iňlis dillerine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Taryhy medeni seýilgähinde “Arkadag” teleýaýlymynyň “Köňülleriň çyragy” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Müňýyllykdan gözbaş alýan medeniýet” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Ýaş nesillere kitaphana hünärmeni Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” hem-de hormatly Prezidentimiziň “Änew müňýyllykdan gözbaş alýan medeniýet” atly eserlerinde beýan edilýän şöhratly taryhymyz barada täsirli gürrüňleri berdi. Bu taryhy ýadygärliklere gezelençleriň guralmagy, olaryň ýurdumyzyň taryhyny öwrenmeklerine, geçmiş baradaky bilimlerini ylmy maglumatlaryň üsti bilen baýlaşdyrmaklaryna, döredijilik ukyplarynyň açylmagyna, ylmy iş bilen gyzyklanmalaryna esas döreder.
Çäräniň ahyrynda oňan gatnaşyjylar Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlaryň medeni-aň derejesiniň ösmegine, ylmy dünýägaraýyşlaryň kemala gelmegine, ýurdumyzyň baý taryhyna, Watan mukaddesligine buýsançlaryny artdyrýan beýik işleri amal edýän hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.