Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew batly ösüşleri bilen özüniň nurana geljegine tarap aýgytly gadamlar bilen ynamly öňe barýar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýetimiz we sungatymyz gülläp ösýär, belent sepgitlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet ulgamyndaky özgertmeleri ajaýyp netijeleri berýär.
Milli Liderimiziň: “Merdana watandaşlarymyzyň aldym-berdimli söweşlerdäki gahrymançylygy hem-de gaýduwsyzlygy häzirki we geljek nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşar!” diýip, bellemegi biziň watanymyz üçin gahrymanlarymyzyň görkezen edermenliklerine goýulan sarpanyň belentdigine şaýatlyk edýär. Watan gahrymanlarymyzyň atlary bu günki gün “Hatyra” we ”Şöhrat” kitaplarynda müdimilik ebedileşdirildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan gahrymanlarymyzyň hormatyna bagyşlanan 2021-2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň “Hatyra” kitaplarynyň gaýtadan işlenen ikinji neşirleri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýine sowgat berildi.
“Hatyra” kitaplarynyň muzeýiň hemişelik sergi zallaryndaky tekjelerinde sergilenilmegi ata-babalarymyzyň, şu durmuş üçin janyny gurban eden gerçeklerimiziň hatyrasyny belent saklamaklyk olaryň öňündäki belent borjumyzdyr.
Watanymyza, halkymyza, milli gymmatlyklarymyza söýgi döretmekde ýurdumyzyň muzeýleriniň uly ähmiýeti bardyr. Medeniýetimizi we sungatymyzy sarpalaýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!