Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde bolup, muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Bu çäre talyplaryň halkymyzyň baý taryhy we medeni mirasy baradaky bilimlerini has-da baýlaşdyrmak maksady bilen amala aşyryldy.
Gezelenjiň dowamynda institutyň wekilleri muzeýiň gymmatlyklary, şol sanda sebitiň gadymy taryhyna, arheologik tapyndylaryna hem-de türkmen halkynyň milli amaly-haşam sungatyna degişli seýrek duş gelýän nusgalar bilen ýakyndan tanyşdylar. Muzeý hünärmenleri myhmanlara görkezilýän taryhy tapyndylar we halkymyzyň medeni gymmatlyklary barada gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler.
Aýratyn-da, ýurdumyzyň ilkinji "akylly" şäheri bolan Arkadag şäheriniň gurluşygy, geljekki ösüş ugurlary baradaky bölümler talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Geljekki hünärmenler döwrebap muzeý şertlerinde taryh bilen şu günüň baglanyşygyny aýdyň görkezýän gymmatlyklara ýokary baha berdiler.